2022: Türkmenabadyň tikin fabriginde 52,2 million manatdan gowrak önüm öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
2022: Türkmenabadyň tikin fabriginde 52,2 million manatdan gowrak önüm öndürildi
Häzirki wagtda fabrikde 500-e golaý gelin-gyzlar zähmet çekýärler.

Türkmenabadyň tikin fabriginde 2022-nji ýylda 52 million 289 müň 314 manatlyk önüm öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenabadyň tikin fabriginde durkuny täzeleýiş işleri durmuşa geçirildi. Bu ýerde ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, we Hytaýyň dünýä meşhur kompaniýalarynyň önümleri bolan tikin maşynlaryndan peýdalanylyp başlandy we şolaryň netijesinde zähmet öndürijiligi hem-de önümleriň hili barha ýokarlandy.

Türkmenabadyň tikin fabriginde ýörite egin-eşikler, ýyladylan penjekler, çagalar üçin dürli egin eşikler, mekdep ýaşly çagalar üçin köýnekler, fartuklar, penjekler, erkekler we aýallar üçin sport egin-eşikleri, ýorgan-düşek toplumlary, jalbarlar we birnäçe tikin hem-de trikotaž önümleri öndürilýär.

Häzirki wagtda fabrikde 500-e golaý gelin-gyzlar zähmet çekip, bazar ykdysadyýeti şertlerinde bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler.

2022