Türkmenistanyň Prezidenti täze hökümet ýolbaşçylaryny wezipä belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti täze hökümet ýolbaşçylaryny wezipä belledi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň wezipelerine täze ýolbaşçylary belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, Şahym Abdrahmanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä Aşyrguly Begliýewi belläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatdy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekowy, başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň Prezidenti Baýmyrat Annamämmedowy senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşadyp, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk meseleleri boýunça orunbasary wezipesine belledi.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, Muhammetgeldi Serdarowy Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşatdy.

Serdar Joraýew Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine bellenildi. Bu wezipä bellenilmezden ozal Serdar Joraýew Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinde işleýärdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2023-nji ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

2022