Türkmenistanda 2023-nji ýylda infrastruktura we durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 2023-nji ýylda infrastruktura we durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berler
Şu ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 1 million 58,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň dowamynda ulanylmaga beriljek esasy önümçilik we jemgyýetçilik desgalary barada maglumat berdi.

Döwlet Baştutanymyz sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň, Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäginde täze obalaryň, şeýle hem 600 baş ahalteke bedewi üçin döwrebap athananyň gurulyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamlary, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, 15 sany orta mekdebi we 3 sany çagalar bagyny işe girizmek göz öňünde tutulýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişdeler goýberiler.

Şu ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 1 million 58,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Şeýle hem Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 23 sany ýaşaýyş jaýyny, kuwwatlylygy 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýyl üçin uly Maksatnamanyň kabul edilendigini aýdyp, şu ýyl ýurduň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat, şol sanda önümçilik desgalarynyň gurluşygyna 20 milliard 800 million manat, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 16 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdirmegiň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurduň welaýatlarynda we paýtagtynda ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berler. Mysal üçin, Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de 4000 orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklady. Bu resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022