Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň infrastruktura we ulag ministriniň diplomatik geňeşçisi Jowanni Donatonyň arasynda anna güni Rimde geçirilen duşuşykda italýan kompaniýalarynyň ýokary tizlikli demir ýol liniýalaryny, awtoulag ýollaryny we ýokary tizlikli otlulary gurmakda gazanan üstünlikleri boýunça tejribe alyşmak meselelerine garaldy.
Duşuşygyň dowamynda ilçi Toýly Kömekow Türkmenistanyň üstünlikli ösüşiniň iň möhüm görkeziji hökmünde ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde giň gerimli ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen iri infrastruktura taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýändigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi we çuňlaşdyrylmagy boýunça ylalaşdylar we birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.