Türkmen banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 88,9 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 88,9 milliard manatdan geçdi
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 19 milliard 83 million manatdan geçdi.

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 926,5 million manada ýetdi, ýagny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 13% artdy. 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 78 milliard 608,1 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 57 milliard 689 million manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 6,4% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 54 milliard 200,5 million manatdan geçdi.

Şeýle hem, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 12 milliard 155 million manada ýetdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 37,7% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 8 milliard 827,5 million manada deň boldy.

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 19 milliard 83 million manatdan geçdi,ýagny bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 15 milliard 580 million manada deň boldy.

2022-nji ýylda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 14 milliard 747,3 million manatdan geçdi.

2022