“Pyragy” atly täze türkmen şrifti “Myfonts” platformasynda satuwa çykaryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Pyragy” atly täze türkmen şrifti “Myfonts” platformasynda satuwa çykaryldy
Täze şrift Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň şanyna “Pyragy” diýlip atlandyryldy.

Aşgabatda ýerleşýän “Belli Creative” studiýasy tarapyndan döredilen “Pyragy” atly täze şrift “Myfonts” platformasynda satuwa çykaryldy.

Studiýanyň penşenbe güni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, täze döredilen “Pyragy” şrifti studiýanyň bu ugurdaky üçünji işi bolup, mundan ozal, bu ýerde “Aşgabat2017”, “Garagum” taýp feýsleri döredipdi.

“Belli Creative” studiýasynyň hünärmeni Döwletmyrat Babaýewiň aýtmagyna görä, täze şrift Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň şanyna “Pyragy” diýlip atlandyryldy we studiýanyň döredijilik topary bu taslamany 3 aýyň dowamynda taýýarlady.

Täze şrift edil “Garagum” ýaly displeý görnüşli şrift bolup durýar. Ony adaty ýazgylarda däl-de, sözbaşylarda we beýleki aýratyn ýazgylarda ulanyp bolar.

“Täze döredilen“Pyragy” şrifti häsiýeti boýunça çeper manyly ýazgylara niýetlenilen. Sebäbi ony işläp taýýarlanymyzda harplaryň ýasalyşynda, olaryň biri-biri bilen sazlaşygynda nepis görünmegine aýratyn üns berdik. Şonuň üçin hem ony edebiýat, kino, saz, sungat bilen bagly ýazgylaryň sözbaşylarynda, teatrlaryň afişalarynda, ugurdaş mahabatlarda ulanmak has ýerlikli bolar”diýip, “Belli Creative” studiýasynyň hünärmeni aýtdy.

Islendik ulanyjy täze şrifti myfonts.com salgynyň üsti bilen 9 ABŞ dollary möçberinde töleg geçirip, öz kompýuterine ýükläp alyp bilerler.

“Myfonts” platformasy iň köp şrift fontlaryny özünde jemleýän saýtlaryň biri bolup, onda häzirki wagtda 230 müňden gowrak şrift fontlary ýerleşdirilendir.

“Belli Creative” studiýasy bilen habarlaşmak üçin:

Web sahypasy: www.bellicreative.com

Instagram: belli.creative

2022