Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ylalaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ylalaşyldy
Türkmen diplomaty energetika meseleleri boýunça ikitaraplaýyn we ulgamlaýyn dialogyň ýola goýulmagyny teklip etdi.

Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Palwanow we Energetika meseleleri boýunça Ýewropa Komissarynyň kabinetiniň başlygy Stefano Grassiniň arasynda penşenbe güni Ýewropa komissiýasynyň edara binasynda geçirilen duşuşykda özara energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ylalaşyldy. Bu barada ilçi Sapar Palwanow “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigini (ÝB) energetika meselelerinde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýändigini belläp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has hem çuňlaşdyrmagy we berkitmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda Sapar Palwanow ýokary derejeli duşuşyklaryň gurnalmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Stefano Grassi türkmen ilçisiniň teklibini makullap, ýakyn gelejekde Türkmenistanyň hökümet wekilleri bilen Energetika meseleleri boýunça Ýewropa Komissary Kadri Simsonyň arasynda duşuşyklaryň geçirilmegine öz ýardamyny berjekdigini aýtdy.

Soňra, türkmen diplomaty energetika meseleleri boýunça ikitaraplaýyn we ulgamlaýyn dialogyň ýola goýulmagyny teklip etdi.

Energetika meseleleri boýunça Ýewropa Komissarynyň kabinetiniň başlygy mart aýynda Brýusselde Türkmenistanyň energetika ulgamynyň bilermenleriniň we ÝB-niň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda özara maslahatlaşmanyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmen diplomaty energiýa çeşmeleriniň daşalmagynda we ulanylmagynda onuň howa ýetirýän täsirini we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Ýewropanyň tejribesini öwrenmekde ýola goýlan dialog üçin Ýewropa tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de ilçi bu ugurdaky dialogyň ilkinji duşuşygy geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda üstünlikli geçirilendigini belläp, bu tejribäniň mundan beýläk hem dowam etdirilmegini teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda taraplar ýakyn wagtda bu ugur boýunça nobatdaky duşuşygy Brýusselde geçirilmegini ylalaşdylar.

Ilçi Sapar Palwanowyň aýtmagyna görä, Stefano Grassi Türkmenistanyň gün energiýasyny ulanmakda uly mümkinçiliginiň bardygyny we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ÝB-niň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini hem-de bu ugurda birnäçe kompaniýalaryň iş alyp barýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol kompaniýalaryň Türkmenistanda-da bu ugur boýunça iş alyp baryp biljekdiklerini belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew we Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça Baş Müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Metýu Bolduinyň arasynda ýanwar aýynda Brýusselde geçirilen duşuşykda ÝB bilen Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşylypdy.

2022