Türkmenistanda 2022-nji ýylda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) taslamalarynyň karz bukjasy takmynan 35 million ýewra deň boldy.
Karz bukjasy 28 sany taslamany durmuşa geçirmek üçin niýetlenendir. Bu barada ÝTÖB-e salgylanyp, “Trend” agentligi şenbe güni habar berdi.
Taslama bukjasynyň aglaba bölegi (96 göterim ýa-da 33 million ýewro) durnukly infrastruktura, 4 göterimi ýa-da iki million ýewro maliýe guramalaryna gönükdirilendir.
Habarda bellenilişi ýaly, ÝTÖB Türkmenistanda öz işine başlandan bäri dürli pudaklarda 334 million ýewra barabar bolan 87 taslama maýa goýumyny goýdy.
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky döredilen gününden bäri 6 müň 100-den gowrak taslamany amala aşyran halkara maliýe guramasydyr.