Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga çagyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga çagyryldy
“Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” Işewürler Dialogy Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde geçirildi.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atadurdy Baýramow sişenbe güni Tokioda Ýaponiýanyň ROTOBO assosiasiýasy tarapyndan geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” Işewürler Dialogynyň dowamynda çärä gatnaşan kompaniýalary Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga çagyrdy.

“Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” Işewürler Dialogy Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Dialogyň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýaponiýadaky Ilçileri, Merkezi Aziýa döwletleri bilen döredilen Ykdysady komitetleriň ýolbaşçylary, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýapon kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen ilçisi Atadurdy Baýramow Dialogda çykyş edip, iki ýurdyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlerini alyp barmagy üçin döredilýän amatly şertler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bilen Tendo şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda duşenbe güni Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

2022