AÖB Türkmenistanyň energiýa we ulag pudaklaryna $625 million maýa goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
AÖB Türkmenistanyň energiýa we ulag pudaklaryna $625 million maýa goýdy
Şol döwürde AÖB Türkmenistana 10 million ABŞ dollaryna deň bolan tehniki kömek grantyny hem berdi.

Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň energetika we ulag pudaklaryndaky iki maýa goýum taslamasy üçin 625 million ABŞ dollaryny bölüp berdi diýip, AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň Direktory Artur Andrisýak sişenbe güni "Trend" agentligine beren interwýusynda mälim etdi.

Şol döwürde bank Türkmenistana 10 million ABŞ dollaryna deň bolan tehniki kömek grantyny hem berdi.

Artur Andrisýak şeýle hem AÖB bilen türkmen hökümetiniň ýurduň energetika, ulag, maliýe we saglygy goraýyş pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary maslahatlaşýandygyny habar berdi.

AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň Direktorynyň belleýşi ýaly, bankyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylýan Milli elektrik toruny güýçlendirmek boýunça taslama toruň ygtybarlylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurdyň elektrik energiýa eksportyny artdyrmak üçin özara baglanyşykly elektrik torunyň döredilmegine ýardam berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, AÖB 2022-nji ýylda milli elektrik toruny güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan taslamada ösüş gazanyp, elektrik geçiriji infrastrukturasyny berkitmäge kömek etdi we bu ugurda Türkmenistana 166,4 million ABŞ dollaryny karz berdi.

Artur Andrisýagyň aýtmagyna görä, AÖB tarapyndan maliýeleşdirilýän Demirgazyk-Günorta demirýol taslamasy Eýrany, Russiýany we Günorta Aziýany birleşdirýän geçelgeler bilen aragatnaşygy gowulandyrdy hem-de olar boýunça halkara gatnawy iki esse, ýagny, 7,1 million tonna çenli ýokarlandyrdy. Şeýle hem ol uglerod zyňyndylaryny ýylda 27 müň tonna çenli azaltmaga kömek etdi.

AÖB sebitleýin tehniki kömek maksatnamalarynyň biriniň çäginde Türkmenistany Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) doly agza bolmak ugrunda alyp barýan işlerini goldaýar.

2022