Türkmenistanda üstaşyr deklarasiýalary doldurmak üçin täze nyrhnamalar girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda üstaşyr deklarasiýalary doldurmak üçin täze nyrhnamalar girizildi
Täze nyrhnamalara laýyklykda, daşary ykdysady işine gatnaşýan taraplar üçin degişli hyzmatlar boýunça tölegleriň mukdarlary azaldyldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Hojalyk dolandyryş direksiýasy 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap “ASYСUDA World” utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda Üstaşyr deklarasiýalary we “Sanly gümrük amaly” programma üpjünçiliginde degişli maglumatlary doldurmak üçin täze nyrhnamalary girizdi.

Täze nyrhnamalara laýyklykda, daşary ykdysady işine gatnaşýan taraplar üçin degişli hyzmatlar boýunça tölegleriň mukdarlary azaldyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Hojalyk dolandyryş direksiýasy, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin halkara söwda işinde daşalýan ýükler boýunça gümrük taýdan resmileşdirmek bilen bagly amallary geçirmek, ýükleri ýüklemek, düşürmek we ammarlarda saklamak hem-de beýleki görnüşdäki ýokary hilli hyzmatlary üpjün edýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Hojalyk dolandyryş direksiýasy Halkara söwda işinde daşalýan ýükler bilen amallary geçirmek we olary saklamak hyzmatlaryny etmek boýunça 2014-nji ýylda döredildi.

Direksiýa edara görnüşindäki tarap bolmak bilen doly hojalyk hasaplaşygy we öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerinde işleýär.

2022