Türkmenistan bilen IRU serhetara amallary ýönekeýleşdirmek boýunça taslamalaryň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen IRU serhetara amallary ýönekeýleşdirmek boýunça taslamalaryň üstünde işleýär
“TIR-EPD” maglumat ulgamy Türkmenistana e-TIR halkara gümrük elektron ulgamyna birikmek boýunça işlere taýýarlyk görmäge ýardam berer.

Türkmenistan we Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) üstaşyr geçelgeleri gowulandyrmak we serhetara amallary ýönekeýleşdirmek boýunça taslamalaryň üstünde işleýärler. Bu barada IRU-nyň TIR we üstaşyr hyzmatlarynyň müdiri Tatýana Reý-Belle salgylanyp "Trend" agentligi duşenbe güni habar berdi.

IRU-nyň wekili taslamalardan başga-da, taraplaryň Türkmenistanyň gümrük pudagyny ösdürmek boýunça pikirleri (meseleleri) ara alyp maslahatlaşýandyklaryny aýtdy.

“Türkmenistanda “TIR-EPD” maglumat ulgamy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda işe girizildi we TIR operatorlaryna ýönekeý serhet amallaryny ulanyp, dürli ýurtlaryň gümrük edaralaryna elektron deslapky beýannamalary (EPD) ibermäge mümkinçilik berdi” diýip, IRU-nyň TIR we üstaşyr hyzmatlarynyň müdiri aýtdy.

Tatýana Reý-Belle “TIR-EPD” maglumat ulgamy maglumat ulgamynyň işe girizilmeginiň Türkmenistana sebitdäki TIR ulgamyny sanlaşdyrmak bilen baglanyşykly beýleki taslamalara goşulmaga mümkinçilik berýän örän möhüm ädimdigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, “TIR-EPD” maglumat ulgamy Türkmenistana e-TIR halkara gümrük elektron ulgamyna birikmek boýunça işlere taýýarlyk görmäge ýardam berer. Şeýle hem, gümrük taýdan ileri tutulýan artykmaçlyklary üpjün edýän "ýaşyl zolaklary" girizmek meselesinde Türkmenistanyň gümrük we beýleki döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk etdik” diýip, IRU-nyň TIR we üstaşyr hyzmatlarynyň müdiri nygtady.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda şu ýylyň başynda “TIR” kitapçasyny ulanmak bilen, halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulag serişdeleri üçin ýörite “Ýaşyl geçelgeler” döredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022