Türkmenistanyň wekiliýeti duşenbe güni Ženewada Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG), Halkara söwda merkeziniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Hökümetiniň BSG-nyň doly hukukly agzasy bolmaga berk ygrarlydygyny nygtady.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly garaýyşlary, başlangyç resminamalary taýýarlamak üçin iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen wekiliýetiniň başlygy gepleşikler üçin içerki institusional mehanizmleri döretmegiň, BSG-e girmegiň netijelerini öwrenmegiň we milli kanunçylygy Guramanyň düzgünlerine laýyk getirmegiň möhümdigini aýtdy.
BSG-nyň, Halkara söwda merkeziniň we BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri öz gezeginde Türkmenistana ykdysady özgertmeleri geçirmekde we BSG-e goşulmakda goşmaça ýardam bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem, olar BSG-nyň bu kömegi bermekde utgaşdyryjy orun eýeläp biljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň şu ýylyň 14-nji fewralynda Dubaýda BSG-nyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň bu iri ýöriteleşdirilen düzüm bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.