Türkmenistan BSG-nyň doly hukukly agzasy bolmaga ygrarlydygyny tassyklady

BİZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BSG-nyň doly hukukly agzasy bolmaga ygrarlydygyny tassyklady
Duşuşyklarda Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly garaýyşlary, başlangyç resminamalary taýýarlamak üçin iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti duşenbe güni Ženewada Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG), Halkara söwda merkeziniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Hökümetiniň BSG-nyň doly hukukly agzasy bolmaga berk ygrarlydygyny nygtady.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly garaýyşlary, başlangyç resminamalary taýýarlamak üçin iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýetiniň başlygy gepleşikler üçin içerki institusional mehanizmleri döretmegiň, BSG-e girmegiň netijelerini öwrenmegiň we milli kanunçylygy Guramanyň düzgünlerine laýyk getirmegiň möhümdigini aýtdy.

BSG-nyň, Halkara söwda merkeziniň we BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri öz gezeginde Türkmenistana ykdysady özgertmeleri geçirmekde we BSG-e goşulmakda goşmaça ýardam bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem, olar BSG-nyň bu kömegi bermekde utgaşdyryjy orun eýeläp biljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň şu ýylyň 14-nji fewralynda Dubaýda BSG-nyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň bu iri ýöriteleşdirilen düzüm bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022