“Türkmendeňizderýaýollary” we “Vitol Bahrain E.C.” maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmendeňizderýaýollary” we “Vitol Bahrain E.C.” maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar
Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara ýüzüşi amala aşyrýan türkmen gämileriniň Halkara Klassifikasion Jemgyýetiniň talabyna laýyklykda yzygiderli abatlanylýandygyny bellediler.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen Bahreýn Patyşalygynyň “Vitol Bahrain E.C.” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda 10-njy martda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda gämileri abatlamak we maýa goýum goýmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara ýüzüşi amala aşyrýan, şol sanda nebit we nebit önümlerini daşaýan türkmen gämileriniň Halkara Klassifikasion Jemgyýetiniň talabyna laýyklykda yzygiderli abatlanylýandygyny bellediler.

Habarda bellenilişi ýaly, “Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýeti we “Vitol Bahrain E.C.” kompaniýasy 2019-njy ýyldan bäri ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler. “Vitol Bahrain E.C.” kompaniýasynyň çig nebit we nebit önümleri Türkmenistanyň milli flotunyň tankerleri bolan “Hazar”, “Alaja”, “Kenar” “Etrek”, “Jeýhun”, “Sumbar” gämileri arkaly halkara ýüzüşlerde daşalýar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürilmegi we meýilleşdirilýän meseleleriň ýerine ýetirilmegi üçin degişli işleri geçirmegi ylalaşdylar.

2022