Türkmenistan türkmen gazyny Türkiýä ibermek meselesine seretmäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan türkmen gazyny Türkiýä ibermek meselesine seretmäge taýýar
Türkmenistanda türkiýeli işewürleriň gatnaşmagynda 2000-nji ýyldan bäri bahasy 110 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan taslamalar ýerine ýetirildi.

Türkmenistan, ilkinji nobatda, türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýardyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Türkiýäniň paýtagty Ankarada geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) adatdan daşary sammitiniň dowamynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Rejep Taýyp Ärdogana ýüzlenip we iri taslamalar barada aýdyp, eger-de biz, ýagny türki döwletler bolup kada-kanunlarymyzy berkitsek, onda diwersifikasiýa syýasaty bilen türkmen ýylylygyny türk doganlarymyzyň her biriniň ojagyna ýetirip bileris diýip belledi.

“Bu diňe uglewodorod serişdeleri barada. Indi energetika meselesi hakynda aýdanymda, gerek bolsa, gaz turbasynyň gapdaly bilen elektrik toguny hem geçireris” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň bilelikdäki giň gerimli taslamalaryň köpüsini durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sammitiň dowamynda Türkmenistanyň indi synçy hökmünde däl-de, TDG-ä hakyky agza hökmünde gatnaşjakdygyna ynam bildirýärdigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2000-nji ýyldan bäri ýurdumyzda türkiýeli işewürleriň gatnaşmagynda bahasy 110 milliard 382 million 53 müň ABŞ dollaryna deň bolan taslamalar we işler ýerine ýetirildi.

Ankarada geçirilen TDG-nyň adatdan daşary sammitine Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Demirgazyk Kipriň Prezidenti Ersin Tatar we TDG-nyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022