Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $59,6 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $59,6 milliona deň boldy
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 40,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 59,6 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň anna güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 40,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 19,3 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Özbegistanyň 2023-nji ýylyň ilkinji iki aýynda daşary söwda dolanyşygy 8,9 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 176,4 million ABŞ dollaryndan gowrak ýa-da 2 göterim ýokarlandy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 926,3 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2022