Dünýäde kaustik soda önümçiligi

Nurmyrat Mommaýew
Dünýäde kaustik soda önümçiligi
Bütin dünýäde kaustik sodanyň sarp ediliş mukdary 2020-nji ýylda takmynan 76 million tonna ýetdi.

Kaustik soda dünýäde köp pudaklarda ulanylýan möhüm himiki maddadyr. 2022-nji ýylda dünýäde kaustik soda önümçiliginiň umumy mukdary 98 million tonna barabar boldy. Dünýädäki kaustiki soda önümçilik kuwwatynyň esasy bölegi Aziýa-Ýuwaş Umman sebitindedir. Hytaý dünýädäki iň uly kaustik soda öndüriji ýurt bolup, 2020-nji ýylda ýurduň umumy önümçiligi 34 million tonna ýetdi. Ýaponiýa, Hindistan we Günorta Koreýa dünýädäki beýleki iri kaustik soda öndürijileridir.

Kaustik soda bazary bu önümiň giňden ulanylmagy we barha artýan isleg sebäpli günsaýyn ösýär. Suw arassalaýyş, kagyz we sellýuloza, ýuwujy serişdeler, dokma we aýna senagatlarynda bu önüm giňden ulanylýar. Bütin dünýäde kaustik sodanyň sarp ediliş mukdary 2020-nji ýylda takmynan 76 million tonna ýetdi. Kaustik soda bazary önümiň azyk senagaty we nebiti gaýtadan işleýän senagat ýaly pudaklarda giňden ulanylmagy bilen baglylykda ösmegine dowam edýär.

Kaustik sodanyň bahasy üpjünçilik we isleg faktorlary bilen göniden-göni baglanyşyklydyr. 2020-nji ýylda dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli kaustik sodanyň bahasy pes derejede saklanyp galdy. Şeýle-de bolsa, pandemiýadan soňky döwürde onuň bahasy gaýtadan ýokarlanyp başlady. 2023-nji ýylda dünýäde kaustik sodanyň 1 tonnasynyň ortaça bahasy 400-800 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Ýokaryda belläp geçişimiz ýaly, dünýäde kaustik soda önümçiligi we oňa bolan isleg barha artýar. 2020-nji ýyla çenli global kaustik soda önümçiligi 75 million tonna töweregi bolup, 2022-nji ýylda bu görkeziji takmynan 100 million tonna ýetdi. Mundan başga-da, 2025-nji ýyla çenli kaustik soda önümçiliginiň ýylda 3-4 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar.

Ulanyş ugurlarynyň dürlüligi sebäpli dünýäde kaustik sodanyň eksporty we importy örän işjeňdir. 2022-nji ýylda dünýädäki kaustik soda söwdasynyň umumy mukdary takmynan 40 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.

Kaustik soda öndürýän iň iri ýurtlaryň hataryna ABŞ, Hytaý, Russiýa, Hindistan we Ýewropa ýurtlary girýär. 2020-nji ýylda dünýädäki kaustik soda önümçiliginiň takmynan 34 göterimi Aziýa-Ýuwaş Umman sebitinde, 31 göterimi Ýewropada, 19 göterimi Demirgazyk Amerikada amala aşyryldy.

“Dow Chemical”, “Olin Corporation”, “Occidental Petroleum Corporation”, “Tata Chemicals”,” Formosa Plastics Corporation” ýaly kompaniýalar iri kaustik soda öndürijileridir. Bu kompaniýalar kaustik soda önümçiliginiň tehnologiki ösüşlerine eýerip, çykdajylary azaltmak we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin yzygiderli maýa goýýarlar.

Kaustik soda dürli pudaklarda dürli maksatlar üçin ulanylýar. Mysal üçin, himiýa pudagynda kislotany zyýansyzlandyrmak we önümçilik proseslerinde katalizator hökmünde, şeýle hem nebiti gaýtadan işlemekde, kagyz we sellýuloza pudagynda pulpa öndürmekde, aýna senagatynda aýna öndürmekde, arassalaýjy serişdeleri öndürmekde, azyk senagatynda azyk goşundysy hökmünde, dokma pudagynda matalary agartmak we boýamak üçin serişde hökmünde ulanylýar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022