Iş orunlary
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy Ammar kömekçisi wezipesine dalaşgärleri işe çagyrýar
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:
Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly obasynda işlemek üçin Bölüm kömekçisi (Ýükleri kabul etmek we ugratmak)
Bildirilyän talaplar:
- Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
- Bilimi: Orta bilim hakynda attestaty bolmaly.
- Iş tejribesi: Ammary, logistikany dolandyrmak ýa-da materiallar boýunça utgaşdyryjy hökmünde azyndan 2 ýyl tejribesi bolmaly.
- Dil ukyplary: Iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.
Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman “PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.
Diňe Kompaniýa tarapyndan wezipä bildirilýän talaplara laýyk gelýän dalaşgärler saýlanylyp alynar we şöhbetdeşlige çagyrylar.
