Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak üçin maýa goýum bäsleşigini yglan edýär

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça maýa goýum bäsleşigini geçirilýändigini habar berýär.

Maýa goýum bäsleşigi 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.

Maýa goýum bäsleşiginde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň desgasy satuwa çykarylýar.

Balkan welaýatyndaky “Türkmen haly” döwlet birleşiginiň desgasy:

Desganyň ady, ýerleşýän ýeri: Esenguly çeper halyçylyk kärhanasy, Esenguly etrabyny Esenguly şäherini 1-nji kiçi etrapçasyny 43-nji köçesini 184-nji jaýy.
Işiniň görnüşi (gurlan ýyly): Haly önümlerini öndürmek, 2009 ý
Binanyň meýdany (inedördül metr): 2139,6
Başlangyç bahasy (manat): 1 202 202,00
Hususylaşdyrmagyň şertleri: Esasy iş görnüşini we bar bolan iş orunlaryny sak lamak şerti bilen hususy eýeçilige satmak

Maýa goýum bäsleşigine bellenen görnüşde ýüztutma beren, girew goýan, ýörite ýygym tölän we maýa goýum bäsleşigine gatnaşmak üçin bellenen möhletde bellige alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary gatnaşmaga hukuklydyr.

Daşary ýurtlary kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalar, olary Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligi döwleti garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emlägini hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.

Ýüztutmalary kabul etmek we hasaba almak şu habary çap edilen pursadyndan başlanyp, söwdalary başlanmagyna iki gün galanda tamamlanýar.

Maýa goýum bäsleşigine gatnaşmagy tertibi boýunça maslahatlar we desgalar boýunça goşmaça maglumatlar bermek Maliýe we ykdysadyýet ministrligini emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi hem-de welaýatlary, Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliklerini ugurdaş bölümleri tarapyndan amala aşyrylýar. Bäsleşige gatnaşyjylara desgalar bilen öünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.

Döwlet eýeçiligindäki desgalar onuň borçnamalary bilen bilelikde hususylaşdyrylýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Aşgabat şäherinde (+993 12) 39-46-63/69,72,73,75, 92-12-97, 92-11-34;

Änew şäherinde (+993 137) 33-0-21, 33-1-80;

Balkanabat şäherinde (+993 222) 7-89-34, 7-89-17, 7-89-53;

Daşoguz şäherinde (+993 322) 9-10-19, 9-15-10;

Türkmenabat şäherinde (+993 422) 6-11-52, 6-11-59;

Mary şäherinde (+993 522) 6-06-87, 6-05-41.

Bulary hem okaň
2022