Türkmenabatda “Made in Uzbekistan” atly sergi açyldy

BT
Türkmenabatda “Made in Uzbekistan” atly sergi açyldy
“Made in Uzbekistan” atly sergi, 2024-nji ýylyň 20-nji noýabry, Türkmenabat, Lebap welaýaty, Türkmenistan (Surat: Özbegistanyň SSE-si)

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde çarşenbe güni “Made in Uzbekistan” atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

“UzDaily” neşiriniň habar bermegine görä, bu sergi Ikinji türkmen-özbek sebitara forumynyň çäklerinde guraldy.

Çäräniň açylyş dabarasyna Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Dilşod Rasulow, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow hem-de iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Özbegistan sergide innowasion işläp düzmelerini we halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli önümlerini görkezýän milli diwarlygyny tanyşdyrdy.

Sergi oba hojalygy, gurluşyk, syýahatçylyk, awtomobil gurluşygy, himiýa we derman senagaty, nebitgaz, dokma, ýüpekçilik, deri-aýakgap önümçiligi hem-de azyk ugry ýaly ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny öz içine alýar.

“Made in Uzbekistan” atly sergi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlar toplumynyň dowamy bolmak bilen iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşinde möhüm waka boldy.

2024-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkent şäherinde Türkmenistanda öndürilen önümleriň milli sergisiniň açylyş dabarasy geçirilipdi.

2022