Üstümizdäki ýyl gök-bakja önümleriniň taýýarlanylan möçberi artdy

Üstümizdäki ýyl gök-bakja önümleriniň taýýarlanylan möçberi artdy

Iýunda başy başlanan gök önümleri tapgyrlaýyn ýygnamak we döwlet ulgamyna degişli kärhanalar – welaýatlardaky “Miwe” önümçilik birleşikleri tarapyndan olary taýýarlamak işleriniň depgini gowşanok. Witaminli önümleriň aglaba bölegini ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilýär. Ilatyň gök we miwe önümlerine bolan islegini ýylyň dowamynda kanagatlandyrmak üçin haýsy gök önümleriň näçe möçberini taýýarlamagyň zerurlygy oba hojalyk önümlerini etraplaşdyrmak boýunça her ýylky döwlet maksatnamasynda kesgitlenen.

Bu resminama ekinleriň hasyllylygyndan we her sebitiň howa-toprak şertleriniň aýratynlyklaryndan ugur alnyp düzülýär hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň düzüm birlikleriniň hünärmenleri üçin gollanma bolup hyzmat edýär. Oba hojalyk önümçiligi oba-senagat toplumynyň girdejililigine baha bermek bilen birlikde meýilnamalaşdyrylýar. Bu ugurdaky täzelikleriň arasynda Balkan welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň sanawyna pagtany gaýtadan goşulmagy bar.

Döwlet sargydyny üpjün etmek maksady bilen etrap häkimlikleri gök-bakja önümleriniň meýilnamalaşdyrylan möçberini ösdürmek üçin uzak möhletleýin kärendäniň esasynda hususy kärendeçiler, daýhan birleşikleri we hojalyklary, şeýle hem ýer eýeleri bilen şertnama baglaşýar. Zerur bolanynda welaýatyň administrasiýasynyň talaby esasynda agroekologik edarasy oba hojalyk önümlerini öndürijileri tohum bilen üpjün edýär, agrohimiki we tehnologiki hyzmatlardan bolsa, ýeňillikli şertlerde peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ýerli önümler ekologik taýdan howpsuz şertlerde, GMO-tehnologiýalaryny ulanmazdan ösdürilýär, baha-hil gatnaşygyna eýe, şonuň üçin sarp edijiler ýurtda ösdürilen miweleri we gök önümleri has gowy görýär. 

Şu ýyl ýeralmanyň ýokary hasyly alyndy. Demirgazyk sebitinden başga ýurduň ähli welaýatlary ony eýýäm tomsuň başynda ýygnadylar. Daşoguz welaýaty bellenilen möçberi sentýabr aýynda ýygnady. Ýer eýeleri taýýarlaýyş möçberini artdyrdylar, döwlet bolsa 127,19 müň tonna kökli miweleri aldy.

Pomidor – uzak wagtlap miwe berýän ekindir. Möwsüm tamamlanandan soňra her gektaryň hasyllylygy 250 sentner hasap edileninde, öndürijiler 65 müň tonnany taýýarlamagy meýilleşdirýär. Pomidorlar boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny Ahal, Balkan we Mary welaýatlary ýerine ýetirdi. Iň köp hyýar ösdürip ýetişdiren deňiz kenaryndaky sebit şertnamalaýyn borçnamalarynyň 114 % üpjün etdi. Bereket etrabynyň gök ekerançylarynyň hyýar öndürmek depgini 136,5 % deň boldy.

Ahal we Murgap sebitletiniň ekerançylary hem hyýary ösdürip ýetişdirmek boýunça meýilnamany ýerine ýetirip, döwlete degişlilikde 927 we 1100 tonna hasyl tabşyrdy. Sogan ýygmakda demirgazykda ýerleşýän Daşoguz welaýatyndan başga 4 sebit tapawutlandy. Şu ýylda döwlet bu gök önümi taýýarlamagyň möçberini 78,5 müň tonna diýip kesgitledi. Häzirki wagta çenli Ahalyň kärendeçileri 15,3 müň tonna, Mary welaýatynyň kärendeçileri bolsa 18,4 müň tonna düýp sogany ýygnadylar.

Keleme we käşire degişlilikde bu ekinleriň hasylynyň ýygnalan möçberi bellenilen meýilnamanyň ýarysyny düzýär, galan bölegi güýz aýlarynda alnar. Tutuş ýurt boýunça jemi 21,25 müň tonna kelem we 38,34 müň tonna käşir ýygnamak meýilleşdirildi.

Bakja önümleriniň hasyly 214,7 müň tonna barabar bolar. Häzirki wagtda Ahal we Mary welaýatlary öz şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdi, Balkan welaýaty bolsa bu işleri tamamlaýjy tapgyrda alyp barýar. Sentýabrda gawunlaryň we giç bişýän kädileriň ýygymy başlanýar, şonuň üçin bakja önümleriniň ösdürilip ýetişdirilişiniň jemlerini hünärmenler dekabr aýyna çenli jemlär. Üzüm iýul aýynyň ikinji ýarymynda bişip başlaýar, käbir görnüşleri güýzüň ahyryna çenli ýygnalýar.

Hasyly saklamak üçin sowadyjy enjamlar, temperaturanyň we çyglylygyň belli bir derejesini awtomatik ýagdaýda saklaýan ulgam we gaplaýjy gurluşlar bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen ammarlaryň häzirki zaman ulgamy döredilen. 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr"

Bulary hem okaň