12.09.2019
12.09.2019

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 100. Gerek bolan harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

2. LOT № 337. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gäwers geňeşliginiň çägindäki täze şäherçäniň suwaryş ulgamynyň gurluşygy üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

3. LOT № 394. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň zerurlyklary üçin inžener üpjünçiligine möwsümleýin idegleri geçirmek üçin gerek bolan dürli görnüşli boýaglary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

4. LOT № 560. Aşgabat — Ýerbent magistral suw geçirijisiniň 6-njy we 17-nji kilometrleriniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.

5. LOT № 568. Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň zerurlygy üçin azyk gullugyna degişli maddy enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

6. LOT № 642. Kompýuterleri, tehniki enjamlary we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi.

7. LOT № 714. Aşgabat şäheriniň Parahat —7/3 ýaşaýyş toplumyny gurmak işleri üçin gerek bolan harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

Bäsleşik 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon: 39-46-32; 39-46-38.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 156
Bulary hem okaň
2022