20.07.2024
30.08.2024

“Türkmennebit” Döwlet konserni halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

“Türkmennebit” Döwlet konserni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň harytlary, işleri we hyzmatlary üçin üpjün edijileri (potratçylary) saýlap almak boýunça bäsleşik toparynyň adyndan halkara bäsleşigini №60/2, Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň sanly tehnologiýalar esasynda awtomatlaşdyrylan maglumatlar binýadyny döretmek we awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslama tekliplerini işläp düzmek we ähli işleriň toplumy boýunça halkara bäsleşigini gaýtadan yglan edýär.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin belgileri:

+993 12 40-39-27

+993 12 40-36-21

+993 12 40-39-93

+993 12 40-33-02

Faks:

+993 12 40-39-90

Elektron salgysy:

fer@turkmennebit.gov.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022