15.10.2019
18.11.2019

“Türkmenstandartlary” defektoskop satyn almak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralar üçin göteriji maşynlaryň kanatlarynyň kese-kesiginiň meýdanynyň ýitgisini barlaýan defektoskop enjamlaryny satyn almak boýunça öň yglan edilen BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we bäsleşige degişli resminamalary almaly. Bäsleşik boýunça teklipler iki sany aýry bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli.

Enjamlary satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Bäsleşik boýunça teklipler 2019-njy ýylyň 15-nji oktýabryndan “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalar bildiriş çap edilenden soň 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 39-25-06; faks: (+99312) 39-25-16.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Oguzhan köçesi 201
Bulary hem okaň
2022