27.05.2021
25.06.2021

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk serişdelerini almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär:

Lot № 26 — Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 27 — Lebap welaýatynyň Darganata etrap hassahanasynyň Gazojak şahamçasy üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefony:

40-04-79

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň
2022