17.04.2026
07.05.2026

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tor enjamlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy aragatnaşyk ulgamy üçin tor enjamlaryny satyn almak boýunça Russiýanyň pul birligi rublda №2026/21 belgili bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm web saýtynda çap edilen gününden başlap 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklibi azyndan 8 nyşandan ybarat parol bilen goralan RAR formatly arhiwde ýerleşdirilen PDF we Excel faýllar görnüşinde taýýarlanyp, görkezilen elektron salgysyna iberilmelidir.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy:

KhalilulinBS@tatneft.tatar

Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin:

+993-65-83-18-99

Tehniki soraglar boýunça:

+993-62-60-07-11

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022