05.07.2023
16.08.2023

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde bäsleşik yglan edýär

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly şu binalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär:

  • şäheriň demir ýol menzilini;
  • awtotoplumy we bellige alyş nokadyny;
  • awtomobil menzilini;
  • Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasyny;
  • saglyk öýüniň binasyny.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri şäher Arkadag şäher häkimliginiň edara binasynda 2023-nji ýylyň 16-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+99312 52-55-71

Elektron salgysy:

adk@sanly.tm

Arkadag şäheriniň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýy
Bulary hem okaň
2022