Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi suw göteriji bekedini gurmak boýunça gaýtadan halkara tender yglan edýär
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy sekuntda 2,13 kub metr bolan “Ýaşyl depe” suw göteriji bekedini, onuň suw sorujy we basyşly suwgeçirijilerini gurmak, gerek bolan suw göterijileri we elektrik hereketlendirijileri gurnamak hem-de elektrik bekediniň durkuny täzelemek boýunça gaýtadan halkara bäsleşik yglan edýär
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 7-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 12 44-46-64
+993 12 44-46-77