06.09.2023
19.09.2023

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy MDEA satyn almak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda ulanmak üçin 2024-2025-nji ýyllar üçin 600 tonna MDEA (metil dietanolamin) satyn almak boýunça №CIT-23045-MR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy barada maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýyl boýunça maliýe ýagdaýy we audit hasabaty.
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň şahadatnamasy;
  • Kompaniýanyň soňky üç ýylda bu ugurda iş tejribesi barada maglumat.
  • MDEA (metil dietanolamin) öndürijisinde hil şahadatnamasy, daşky gurşawy dolandyryş ulgamynyň şahadatnamasy, saglygy goraýyş ulgamynyň şahadatnamasy we beýleki şahadatnamalar bolmaly.
  • Gatnaşyjynyň MDEA (metil dietanolamin) eksport  we import etmek üçin ýörite rugsat haty ýa-da ygtyýarnamasy bolmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022