Ýanwar-aprel: “Türkmenhimiýa-da” ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 159,3 göterime deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-aprel: “Türkmenhimiýa-da” ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 159,3 göterime deň boldy
"Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň “Maryazot” kärhanasy

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 159,3 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 122,5 göterime, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 107,3 göterime, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 101,5 göterime, Energetika ministrligi boýunça 111,6 göterime barabar bolandygyny aýtdy.

Hasabata görä, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 126,4 göterim berjaý edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow awtomobil ýollaryny gurmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň wajypdygyny nygtady we wise-premýere 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň geçen dört aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022