24.10.2023
05.11.2023

Balkan welaýat häkimligi himiki reagentleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 35000, Türkmenbaşy etrabynda 50000 kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji we Awaza etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 70000 kub metr bolan lagym suwlaryny biologik arassalaýjy desgalary gerek bolan himiki reagentler we reaktiwler bilen üpjün edijini saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşinde ýüz tutup, gerek bolan maglumatlary hem­de tabşyrylmaly resminamalaryň sanawyny welaýat häkimliginden alyp bilersiňiz.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça görnüşdäki ýüztutma tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipleri 2023­nji ýylyň 5­nji noýabryna çenli her gün sagat 9:00­dan 18:00­a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+993 222) 7-77-00

(+993 222) 2-00-33

Faks:

(+993 222) 6-00-89

(+993 222) 2-00-29

Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022