Daşoguz welaýat häkimligi kazyýet binalaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär
Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017—2021-nji we 2022—2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatyň Akdepe, Görogly we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň çäklerinde gurulmaly etrap kazyýetleriniň täze edara binalarynyň hem-de Daşoguz şäherinde Daşoguz welaýat kazyýetiniň maddy gymmatlyklarynyň saklanýan binasynyň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
- gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
- edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
- hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
- häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşykabatlaýyş işleri barada maglumat.
Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 13nji noýabryna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 (322) 9-03-02
Faks:
+993 322 9-03-14