03.01.2024
19.01.2024

"Türkmentehnogurluşyk" ÝGPJ DWDM enjamlaryny satyn almak we olary işe girizmek boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

"Türkmentehnogurluşyk" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti aşakdaky lotlar boýunça tenderiň möhletini uzaldýar:

Lot №1 - DWDM enjamlary we maglumatlary geçiriji ulgamlary bilen üpjün etmek, olary gurnamak we we işe girizmek (zona 1)

Lot №2 - DWDM enjamlary we maglumatlary geçiriji ulgamlary bilen üpjün etmek, olary gurnamak we we işe girizmek (zona 2)

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we tender resminamalarynyň bukjasyny almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) aşakda görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 17.00-a çenli 15 (on bäş) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 93-02-94

+993 12 93-02-40

+993 12 93-06-04

Faks:

+993 12 93-03-31

744000, Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan Şaýoly, 200
Bulary hem okaň
2022