15.02.2024
20.03.2024

“Türkmenawtoulaglary” agentligi awtotekerleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenawtoulaglary” agentligi ýük awtoulaglary üçin awtotekerleri satyn almak maksady bilen bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlere teklip edilýär:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama bermeli;
  • 700 (ýedi ýüz) manat (taraplaryň ylalaşygy boýunça dahylsyzlar 200 (iki ýüz) amerikan dollary) möçberinde bäsleşik ýygymyny tölemeli;
  • tehniki tabşyrygy almaly.

Töleg geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berler.

Bäsleşik teklipleri möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjalarda kabul edilýär we olara bäsleşige gatnaşmak üçin bäsleşik ýygymynyň tölenendigi barada kepilnamanyň görkezilen ýagdaýynda serediler.

Bäsleşik teklipleri şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda, soňky gün sagat 12:00-a çenli aşakdaky salgyda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 39-03-55

+993 12 39-03-40

+993 12 39-03-41

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 126-njy jaýy
Bulary hem okaň
2022