Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün etmek boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öndüriji kompaniýalaryň arasynda aşakdaky lotlar boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär:
Lot №1 – “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň kompressiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin enjamlary satyn almak we gurnamak.
Lot №2 – “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň “Orbita” stansiýasyny döwrebaplaşdyrmak üçin enjamlary satyn almak we gurnamak.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplar ýazmaça arza tabşyryp, 200 ABŞ dollary (GBüS şol şanda) möçberindäki tölegi geçirmek üçin hasap-fakturany hem-de bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasyny almaly.
Bäsleşik teklipleri (tehniki we täjirçilik teklipleri) iki aýratyn bukjada taýýarlanyp, aşakda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmalydyr. Teklipler bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312 44-91-71
Faks: 99312 98-00-90










