29.02.2024
05.03.2024

Mary welaýatynyň häkimligi natriý gipohloridi satyn almak boýunça tender yglan edýär

Mary welaýatynyň häkimligi welaýatyň ilatyny agyz suwy bilen kadaly üpjün etmek maksady bilen welaýat häkimliginiň “Mary welaýat agyz suw” müdirliginiň garamagyndaky agyz suwy desgalarynda agyz suwuny zyýansyzlandyrmakda ulanylýan gipohlorid natriý himiki erginini satyn almak üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 5-nji martyna, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (522) 5-60-46

+993 (522) 6-06-21

Mary şäheriniň Ýeňşiň 50 ýyllygy köçesiniň 44-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022