Daşoguz welaýat häkimligi awtomobil ýollarynyň we elektrik geçirijileriň gurluşyk işleri boýunça bäsleşik yglan edýär
Daşoguz welaýat häkimligi “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, 2024-nji ýylda welaýatyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilen suw, lagym geçirijileriň, awtomobil ýollarynyň we elektrik geçirijileriň gurluşyk işleri üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
- gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
- edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
- hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
- häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk abatlaýyş işleri barada maglumat.
Bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 12-nji apreline, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 (322) 9-03-02
Faks:
+993 322 9-03-14