23.04.2024
27.05.2024

“Türkmengaz” DK suwuklandyrylan gazy saklamak, ýüklemek we düşürmek üçin terminaly gurmak boýunça tender yglan edýär

"Türkmengaz" döwlet konserni tender toparynyň adyndan Lebap welaýatyndaky Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň çäginde suwuklandyrylan gazy saklamak, ýüklemek we düşürmek üçin terminalynyň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • 1725 amerikan dollary möçberde (şol sanda GBS harajatlary) tölegi tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda görkezilen salgy boýunça ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bellik: Bäsleşik teklipleri, tender tölegi tölenenden soňra seljerilip başlanar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 40-32-50

(+99312) 40-32-40

Faks:

(+99312) 40-32-59

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022