16.10.2024
25.10.2024

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň GPZ-2 gazy gaýtadan işleýiş zawodyndaky fakel ulgamyny düýpli abatlamak hem-de 4400 (1,2) aýlanyş suwy sowadyjy ulgamyny abatlamak boýunça №CIT-24075-SR belgili bäsleşiginiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Bäsleşige gatnaşmak üçin arza
  • Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, işewürlik ygtyýarnamasy, salgyt hasaba alyş şahadatnamasy, gurama kody bilen sertifikat we beýleki resminamalar.
  • Kompaniýanyň hasaba alnyşy we ygtyýarnamasy barada maglumat bermeli
  • Soňky 3 ýylyň esaslyk maýasynyň we barlanan maliýe hasabatlaryny subutnamasyny beriň.
  • Soňky bäş ýylyň içinde nebit-gaz pudagynda bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat (iň azyndan 2 taslama).
  • Gatnaşyjy tarapyndan şertnamanyň iş döwründe ygýarnamasynyň togtadylmajaklygy, ýatyrylmajaklygy, bankrot diýlip yglan edilmejekdigi barada kärhananyň ygtyýarly wekili tarapyndan gol çekilen we resmi möhür bilen tassyklanan güwä haty;

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993-12-44 50 44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022