18.10.2024
27.10.2024

Çuansin buraw inženerçilik kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Caterpillar ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň ýanyndaky jogapkärçiligi çäkli Çuansin buraw inženerçilik kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Caterpillar ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça №WZ-ZJCG-20240924-01 belgili tender yglan edýär

1. Tender resminamalary deslapky saýlama tamamlanandan soň berler. Deslapky saýlama üçin gerekli resminamalar:

  • köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp (gazetiň ady we berlen senesi) tenderiň belgisini we adyny görkezip, bäsleşige gatnaşmak üçin arza;
  • ähli zerur amallary ýerine ýetirmek üçin ygtyýarly wekil üçin ynanç haty hem-de ygtyýarly wekiliň şahsyýetini tassyklaýan resminama;
  • bu tender üçin deslapky gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, belgisi we senesi, bank rekwizitleri, hukuk salgysy/hakyky salgysy, hasaba alyş resminamalarynyň, ygtyýarnamalaryň, şahadatnamalaryň, şertnamalaryň göçürmeleri;
  • öndürijiniň özünden ýa-da dillerinden üpjün ediljek Caterpillar ätiýaçlyk şaýlaryny satmaga rugsat berýän kepilnama;
  • önümiň öndürilýän ýeri, önümçilik zawody, synag şahadatnamasy we önüm üçin beýleki hil şahadatnamalary barada doly maglumat.
  • gatnaşyjynyň 2022–2024-nji ýyllar üçin Caterpillar ätiýaçlyk şaýlaryny satmak boýunça şertnamalaryň skanirlenen nusgalary;
  • beýleki zerur resminamalar

2. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutma, deslapky saýlama üçin resminamalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär.

3. Tender resminamalaryny bermegiň wagty: deskaply saýlawdan geçen potratçylara bäsleşik resminamalary bir nusgada berler.

Elektron salgysy: ccdcttender@mail.ru

Jogapkär hünärmen: Bekgenowa Mähri

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+99365 25-09-90

(9533) 44-54-00

Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/3
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022