06.03.2025
15.03.2025

Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi lagym suwuny arassalaýjy desgany gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi Ýolöten şäherinde 1 sany 10000 m3 bolan lagym suwuny arassalaýjy desgany gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 2025-nji ýylyň mart aýynyň 15-ine, sagat 9:00-dan-18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (522) 6-77-13

+993 (522) 6-00-34

Mary şäheriniň Türkmenabat köçesiniň 12-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022