12.03.2025
02.04.2025

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi ýüňi gaýtadan işleýän toplumy gurmak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi ýüňi gaýtadan işleýän toplumy gurmak we ony döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde ýerli telekeçiler, hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri we tejribeli daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjyny doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça talapnama bermeli;
  • bäsleşigi düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • tehniki tabşyrygy almaly;
  • getiriljek enjamlary hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;
  • bäsleşik resminamalaryny bukjasyny almak üçin taraplar bellenen tertipde ýazmaça talapnama berenlerinde töleg geçirmeli.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seredilýär.

Teklipler 2025-nji ýylyň 2-nji apreline çenli kabul edilýär.

Telefon belgileri:

+993 12 44-69-07

+993 12 44-69-05

+993 12 44-69-60

+993 12 44-69-00

Elektron salgysy:

tkm@turkmenhali.gov.tm

tmcarpet@mail.ru

Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 94-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022