Türkmenabat halkara howa menzili howa gämileri üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menziliniň howa gämilerine ýerüsti we tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
Lot No.1 — howa gämisiniň awiaýangyjyň çökündisini bilmek üçin enjamyny satyn almak;
Lot No.2 — howa gämisiniň uçarmany bilen aragatnaşygy saklamak üçin ulanylýan gulaga dakylýan enjamyny satyn almak;
Lot No.3 — howa gämileriniň tekerleriniň aşagyna goýulýan bökdeýji rezin kolodkalaryny satyn almak;
Lot No.4 — ýolagçy terminalynyň geýtlerinde ornaşdyrylan teleskopiki ýolagçy münürlerine gerek bolan ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Açyk görnüşli bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:
- kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalar, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony;
- kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
- bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliň ynanç haty.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, kanuny ýagdaýyny görkezýän arza bermeli, şeýle hem oňa gatnaşmak üçin ýüz tutujynyň bellige alyş we kanuny resminamalaryny, güýjüni görkezmeli. Arza berijiniň wekiliniň pasportynyň göçürmesi bolmaly.
Şeýle hem bäsleşige gatnaşmak üçin töleg tölemeli (gatnaşmak üçin töleg yzyna gaýtarylmaýar).
Bildiriş berlen gününden açyk görnüşli bäsleşige teklipler 30 (otuz) günüň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär. Görkezilen möhletden soň berlen teklipler kabul edilmez. Maliýe geçirmeleriniň hasaby ýazmaça ýüz tutanda görkeziler.
Degişli resminamalar Türkmenabat Halkara Howa Menziliniň marketing we şertnamalar bölümi ne berilýär. Möhür bilen tassyk edilen doly tender teklibi möhürlenen bir konwertde, bildiriş çap edilen pursatdan başlap ýokardaky salga iberilmeli we bäsleşige gatnaşmak üçin töleg töleneninden soň serediler.
Bäsleşik bukjasynda maglumatlaryň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (Word görnüşinde) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (Excel görnüşinde) bolmaly.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 (422) 9-46-78
+993 (422) 9-47-03