Aşgabatda türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

BT
Aşgabatda türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 7-nji mejlisi, 2026-njy ýylyň 18-19-njy noýabry (Surat: Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy)

Aşgabatda 18–19-njy noýabrda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Mejlise Türkmenistanyň wekiliýetine energetika ministri Annageldi Saparow, Gyrgyzystanyň wekiliýetine bolsa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, suw gorlary, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ministri Erlist Akunbekow ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, nebit-gaz, oba hojalygy we ylmy-tehniki ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini belläp, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Gyrgyztan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Erlist Akunbekow energetika we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistandan Gyrgyzystana iberilýän nebit önümleriniň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degişli döwlet kompaniýalarynyň arasynda göni üpjünçilik şertnamalaryny baglaşmak teklip edildi.

Mejlisiň dowamynda oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, bilim, ylym we syýahatçylyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady.

Gyrgyztan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlisiň netijeleri boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 7-nji mejlisiniň Teswirnamasyna, şeýle hem “Gyrgyzystanyň Milli elektrik ulgamy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň arasynda ylalaşyga gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС