“Demirýollary” AGPJ Sarahs demirýol gözegçilik-geçiriş nokadynyň durkuny tazelemek boýunça bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiSarahs demir ýol menzilindäki Sarahs demirýol gözegçilik-geçiriş nokadynyň durkuny tazelemek boýunça №DÝ/AGPJ-049 belgili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
- bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
- lot üçin 700 manat möçberde (şonuň içinde 91,30 manat - GBüS) tölegi tölemeli.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.
Bellik: Tenderde diňe Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan Türkmenistanyň rezidentleri gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 307-nji otagda (3-nji gat) kabul edilýär.
Bäsleşik teklipleri şu bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 12 38-33-49
+993 12 38-36-00
Faks:
+993 12 38-40-27