Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
TDHÇMB
23.05.2025
20.06.2025
“Abadan haly” AGPJ polipropileni daşamak hyzmatlary boýunça tender yglan edýär
“Abadan haly” аçyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýylda 5000 tonna polipropileni Türkmenbaşy şäherinden Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda ýerleşýän “Abadan haly” önümçilik toplumyna daşamak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça tender yglan edýär
Bu ugurda degişli iş tejribesi we zerur mümkinçilikleri bolan ulag-logistika kompaniýalary tendere gatnaşmaga çagyrylýar.
Işiň möçberi:
- Ýyllyk mukdar: 5000 tonna polipropilen
- Ugry: Türkmenbaşy şäheri — Aşgabat şäheriniň Abadan etraby
- Ýygylygy: önümçilik tertibine laýyklykda
- Arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti: 2025-nji ýylyň 20-nji iýunyna çenli
Tabşyrylmaly resminamalar:
- Kompaniýa barada gysgaça maglumat
- Ýük daşamak üçin degişli ygtyýarnama
- Bu ugurdaky iş tejribesi boýunça maglumat
- Täjirçilik teklibi (tonna/km boýunça ýa-da doly möçber üçin baha)
- Talap boýunça beýleki hukuk resminamalary
Goşmaça maglumat we tender resminamalary boýunça habarlaşmak üçin:
“Abadan haly” AGPJ
Telefon: +993 (12) 357905
Mobil: +993 (63) 041092
Elektron salgysy: info@abadanhaly.com.tm
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Abadan etraby, Altyn Asyr köçesi, 27-nji jaý
Bulary hem okaň