Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi önümçilik sehleri düýpli abatlamak boyunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi "Türkmenaýnaönümleri" kärhanasynyň önümçilik sehlerinde (sowuk görnüşli) düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, şeýle hem zerur ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş materiallary bilen üpjün etmek boýunça "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetiniň 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky sanynda çap edilen açyk halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş resminamalaryny, ynanç hatyny we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly
- bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 ABŞ dollary möçberinde (şol sanda 225 ABŞ dollary GBüS tölegi) ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde tölemeli.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap10 (on) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabuledilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşik teklipli bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdelerigeçirilenden soň seljerilip başlanar.
Bäsleşik resminamalary aýratyn iki bukjada kabul edilýär: söwda (söwda teklipli bukja diňe nyrh häsiýetnamasy girýär) we tehniki (tehniki teklipli bukja beýleki gerekli resminamalar girýär).
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 39-00-33
+993 12 39-00-17
+993 12 39-00-21