“Türkmenpagta” DK pagta arassalaýjy zawodlary gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär
“Türkmenpagta” döwlet konserni bäsleşik (tender) toparynyň adyndan aşakdaky lotlar boýunça pagta arassalaýjy zawodlaryň we pagta kabul ediş harmanhanalaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär:
Lot №1 – Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda önümçilik kuwwaty ýylda 30 000 tonna bolan pagta arassalaýjy zawodyň taslamasyny düzmek we gurmak
Lot №2 – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda önümçilik kuwwaty ýylda 40 000 tonna bolan pagta arassalaýjy zawodyň taslamasyny düzmek we gurmak
Lot №3 – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Ak suw” pagta kabul ediş harmanhananyň taslamasyny düzmek we gurmak.
Lot №4 – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Derýa oba” pagta kabul ediş harmanhananyň taslamasyny düzmek we gurmak.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar aşakda görkezilen salgyda ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.
Ähli lotlar boýunça teklipleri tabşyrmagyň möhleti – bildiriş çap edilen gününden başlap 30 gün.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 44-78-01
+993 12 44-78-87