Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi himiýa önümlerini satyn almak boyunça halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Döwlet kärhanasy “Türkmendemirönümleri” üçin himiýa önümleri, oda çydamly materiallary hem-de ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş resminamalaryny, ynanç hatyny we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly
- bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 575 ABŞ dollary möçberinde (şol sanda 75 ABŞ dollary GBüS tölegi) ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde tölemeli.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabuledilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşik teklipli bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdelerigeçirilenden soň seljerilip başlanar.
Bäsleşik resminamalary aýratyn iki bukjada kabul edilýär: täjirçilik (täjirçilik teklipli bukja diňe nyrh häsiýetnamasy girýär) we tehniki (tehniki teklipli bukja beýleki gerekli resminamalar girýär).
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 39-00-33
+993 12 39-00-17
+993 12 39-00-21











